Biz Sanly Tilsimat

Kompaniýa 2019-njy ýylda döredildi we şu wagta çenli Türkmenistanyň hususy we döwlete degişli pudaklaryň onlarça taslamalaryny amala aşyrdy.

Müşderilerimize mümkin boldugyça giň hyzmatlar toplumyny - işläp düzmek we dizaýn, islendik çylşyrymlylykly web saýty işläp düzmek we ornaşdyrmak, taslamany hemişelik ýagdaýda kämilleşdirmek we maslahat bermek bilen üpjün etmäge synanyşýarys.

Biziň hünärmenlerimiz - kompaniýamyzyň düýp gymmatlygy bolup durýar. Biz tehnologiýalary kämilleşdirmek, geljegi uly bolan işgärleri maddy taýdan höweslendirmek, milli we özboluşly önüm döretmek bilen döwür bilen deň gadam urýarys.

Biziň esasy maksadymyz ýokary hilli, netijeli we iň esasysy, elýeterli IT-çözgütleri hödürlemek arkaly, her bir müşderi üçin strategiki hyzmatdaşa öwrülmekden ybaratdyr.

Işläp düzmegiň doly tapgyryny amala aşyrmak

01 Tehniki tabşyryk we taslamanyň prototipi

02 Tassyklanan taslamanyň dizaýny we işläp taýýarlamak

03 Taýyn önümi barlamak, işe girizmek we kämilleşdirmek

Her bir müşderi barada alada etmek

01

Her bir taslama üçin aýratyn tehnologik çözgütler

02

Biz nusgalary ulanmaýarys

03

Biz müşderilerimiziň ambisiýalaryny we mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, olara geljekki döwür üçin çözgütleriň dürli görnüşlerini teklip edýäris

about
us

Мобильная версия сайта временно недоступна!